Häzirki zaman egin-eşikleriniň zehinli dizaýnerleriniň arasynda “Çeper eller” atly bäsleşik yglan edildi

0
2246
2
0

Aşgabat, 13.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi häzirki zaman egin-eşikleriniň arasynda “Çeper eller” atly bäsleşik yglan edildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan bäsleşige ministrligiň kärhanalarynyň dizaýnerleri, şeýle hem isleg bildiren adamlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik 2017-nji ýylda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar (ýerine ýetiriji komitetiň işgärleri, türgenler, alaw göterijiler, eminler, meýletinçiler we beýlekiler) üçin egin-eşikler toplumyny we mekdep okuwçylary üçin “Ýaz-tomus — 2015” egin-eşikler toplumyny taýýarlamak ugurlary boýunça geçiriler.

Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Bäsleşige hödürlenýän işler 2015-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 96. Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-70-72, 40-70-71, 40-70-68, 40-70-69, 40-71-76.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru