Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen akrobatlarynyň Belarusda geçirilen ýaryşdaky goşa üstünligi

19:5413.03.2015
0
3552

Aşgabat, 13.03.2015. “Türkmenportal”.

Mogilowda (Belarus Respublikasy) akrobatika boýunça 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen 10-njy halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki kümüş medal gazandylar. Medallar ugrunda alty ýurduň: Germaniýanyň, Russiýanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň, Belarusuň we Türkmenistanyň wekilleri göreşdiler.

Dört bolup çykyş etmekde Ahmet Nazargulyýewden, Gaýrat Hojakowdan, Karlen Grigorýandan we Amirjan Arutýunýandan ybarat düzümdäki türkmen türgenleri ýaryşyň finalynda belarus toparyndan asgyn gelip, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Irina Kruglikowanyň şägirtleri esasy bäsdeşlerinden bir baldan azrak yza galyp, kümüş medal gazandylar.

Jübütleýin çykyşda aşgabatlylar Hezret Şirgulyýew—Wladimir Kostýaýew tapawutlandylar. Bu gezek Türkmenistanyň akrobatika boýunça milli ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Nataliýa Rejebowanyň şägirtleri üçünji orny eýelän belarusly türgenlerden öňe geçdiler, emma aýgytlaýjy duşuşykda Moldowa Respublikasynyň toparyndan bir utukdan azrak yza galdylar.

Jübütleýin çykyş edýän türkmen türgenleri halkara derejesindäki dürli ýaryşlarda gazanylan medallaryň ençemesine eýe boldular. Olaryň hatarynda 2011-nji ýylda Şweýsariýada gazanylan altyn medallar hem bar.

Iki bolup çykyş edýän türkmen türgenleri Gunça Kakaýewa bilen Jeren Ioliýewa dördünji orny eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň