Arhiw

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Toprakly we topraksyz ýyladyşhana gurmak» taslamasy amala aşyrylýar

00:4813.03.2015
0
16659

Aşgabat, 13.03.2015 “Türkmenportal”.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde iki döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (TOHU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň (TIKA) arasynda «Toprakly we topraksyz ýyladyşhana gurmak» taslamasynyň ýerine ýetirilmegi baradaky Teswirnama gol çekildi.

   TOHU we TIKA tarapyndan alnyp baryljak taslamada talyplaryň alan bilimlerini tejribede özleşdirmegi üçin 1000 m2 meýdanda toprakly, 500 m2 meýdanda topraksyz ýyladyşhana gurmak, bu ýerde zähmet çekjek hünärmenlere Türkmenistanda we Türkiýede ýörite okuwlary geçmek, bilelikde ylmy işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.

  Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, iki döwletiň arasynda oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlyklar ylmyň we tehnologiýanyň kömegi bilen has-da berkidiler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek», «Agronomçylyk», «Gidromeliorasiýa», «Oba hojalygynyň ykdysadyýeti», «Weterinar lukmançylygy», «Oba hojalyk tehnikalary» , «Dokma önümçiligi» fakultetleri, 30 sany kafedrasy bolan we ýaşlara 26 hünär boýunça ýokary bilim berýän bilim ojagydyr.

Bu ýokary okuw mekdebinde 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Mugallymlaryň we professorlaryň 300-den gowragy zähmet çekýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň