Soňky habarlar

Arhiw

Ker ýigidiň göwni üçin tutuş etrabyň ýaşaýjylary el hereketleriniň dilini öwrendiler

20:5812.03.2015
0
4141

Aşgabat, 12.03.2015. “Türkmenportal”.

Stambulyň etraplarynyň biriniň ýaşaýjylary Samsungyň türk şahamçasynyň ýardam bermeginde Muharrem atly gulagy ker ýaş ýigit üçin täsin täzelik oýlap tapdylar we ony wideoýazga geçirdiler.

Günlerde bir gün hiç zatdan bihabar Muharrem uýasy Ozlem bilen öýden çykdy. Ilkibada ötegçileriň biri onuň bilen el hereketiniň dilinde salamlaşdy. Bu ýaş türki diýseň geň galdyrdy.

Soňra Muharrem bilen Ozlem tirkeşip çörek dükanyna bardylar. Bu ýeriniň satyjysy hem oňa el hereketiniň dilinde jogap berdi.

Miwe satýan bilen taksiniň sürüjisi hem Muharrem bilen hut şeýle terzde habarlaşdylar.

Bu zatlaryň bolup geçen pursatlary eli wideokameraly operator hem ýaşlaryň ýanyndan aýrylmady. Surata düşürmegiň dowamynda Muharrem ýönekeý geň galmakdan hakyky kalp tolgunmasyny başdan geçirýär, şondan soň ol gözýaşyny saklamakdan ejiz gelýär.

Görlüp oturylsa, ýerli ýaşaýjylar topary öz gulagy ker goňşularyny begendirmek üçin bir aýyň dowamynda el hereketiniň dilini öwrenipdiler we bu derwaýys durmuş tematikasyny Samsung bilen bilelikde wideoýazgy geçirmäge gatnaşypdyrlar.

Wideosýužetiň ahyrynda çärä gatnaşyjylaryň ählisi Muharremiň öňünden çykyp, onuň bilen görüşýärler.

Hatda bu wakany şöhlelendiren iňlis gazetleriniň žurnalistleri-de, öz makalalarynda rolige tomaşa edenlerinde, möňňürip aglandyklaryny gizläp durmandyrlar.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň