Aşgabat, 12.03.2015. “Türkmenportal”.
AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyryndan soň, Türkmenistanyň wise-çempiony we Kubogynyň iki gezek eýesi “Ahal” bilen “C” toparçada çykyş edýän Kuweýtiň “Al-Kadsiýasy” öňe saýlandy. Bu AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi bolan Kuweýtiň topary bassyr ikinji ýeňşini gazananyndan soň belli boldy. Yrayň “Erbiliniň” derwezesinden ýeke-täk pökgini “Al-Kadsiýanyň” şweýsariýaly oýunçysy Daniel Subotiç geçirdi.
Şertli ýer eýesi “Erbil” bolan bu duşuşyk Kataryň paýtagty Dohada, “Abdulla Bin Halifa” stadionynda geçirildi.
Iki tapgyrdan soň “Al-Kadsiýa” (Kuweýt) 6 utuk toplady. Ikinji we üçünji orunlardaky “Erbil” (Yrak) bilen “Istiklolyň” (Täjigistan) hersiniň 3 utugy bar. Soňky orunda barýan “Ahalyň” heniz utugy ýok.
D Ý D U P U
1. «Al-Kadsiýa» (Kuweýt) 2 2 0 0 3-0 6
2. «Erbil» (Yrak) 2 1 0 1 3-2 3
3. «Istiklol» (Täjigistan) 2 1 0 1 3-4 3
4. «Ahal» (Türkmenistan) 2 0 0 2 1-4 0
Galan oýunlaryň geçiş tertibi:
3-nji tapgyr
18-nji martda
«Al-Kadsiýa» (Kuweýt) – «Istiklol» (Täjigistan)
«Ahal» (Türkmenistan) – «Erbil» (Yrak)
4-nji tapgyr
15-nji aprelda
«Istiklol» (Täjigistan) – «Al-Kadsiýa» (Kuweýt)
«Erbil» (Yrak) – «Ahal» (Türkmenistan)
5-nji tapgyr
29-njy aprelda
«Erbil» (Yrak) – «Istiklol» (Täjigistan)
«Ahal» (Türkmenistan) – «Al-Kadsiýa» (Kuweýt)
6-njy tapgyr
13-nji maýda
«Istiklol» (Täjigistan) – «Ahal» (Türkmenistan)
«Al-Kadsiýa» (Kuweýt) – «Erbil» (Yrak)