Soňky habarlar

Arhiw

Deňizlerde her dürli diri organizmleriň 228 500 görnüşi ýaşaýar

14:5012.03.2015
0
2473

Aşgabat, 12.03.2015. “Türkmenportal”.

Ýer ýüzüniň deňizleridir ummanlarynda her dürli diri organizmleriň 228 450 görnüşi ýaşaýar. Deňziň biologik görnüşleriniň Bütindünýä ýazgysyny düzmek topary şeýle netijä geldi.

Barlag geçirenleriň aýtmagyna görä, häzire çenli belli bolan görnüşleriň 190 müň 400-si bar bolan maglumatlara görä, deňziň şol bir diri organizmleriniň dürli-dürli atlandyrylyşyny özünde jemleýär.

Belgiýanyň Ostende şäherindäki Flandriýa deňiz institutynda ornaşan taslama gatnaşyjylar eýýäm ylma belli bolan diri deňiz organizmlerini toparlara bölmek we tertibe salmak işleri tamamlandy diýen ýaly.

Şeýle-de bolsa, dünýä ummanynyň ýaşaýjylaryny ýüze çykarmak dowam etdirilýär. Diňe geçen ýylyň özünde 1451 diri organizmiň üsti açyldy.

Taslama gatnaşyjylaryň baha bermegine görä, barlaghanalarda şeýle görnüşleriň ýene 10 müňden gowragy ýazgy edilenine garaşýar.

Alymlaryň çaklamagyna görä, köp görnüşli diri deňiz organizmleriniň 500 müňden 2 milliona golaýy üstüniň açylanyna garaşýar. Bu barlaglara iň azyndan 360 ýyl gerek bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň