Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we parahatçylyk boýunça maslahat geçirmek teklibi bilen çykyş edýär

22:0811.03.2015
0
2810

Aşgabat, 11.03.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Myradow 11-nji martda Tbiliside geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we parahatçylyk boýunça maslahat geçirmek teklibi bilen çykyş edýändigini mälim etdi” diýip, “Nowosti Gruziýa” gabar berýär.

“Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýardam bermeginde Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we parahatçylyk boýunça maslahat çagyrmagy we ony 2015-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirmegi teklip edýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň BMG-niň Aziýada ýaragsyzlanmak boýunça Sebit merkezini döretmegiň meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasaplaýar” diýip, ilçi belläp geçdi.

Şeýle hem Döwletmyrat Myradow öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň global energetikany ösdürmek we transkontinental söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmek ýaly çylşyrymly meselelerini çözmekde täze başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýändigini habar berdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň