Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Kubogy: täjikleriň “Istikloly” türkmenleriň “Ahalyna” garşy duşuşykda öňe saýlandy

19:0811.03.2015
0
2605

Aşgabat, 11.03.2015. “Türkmenportal”.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça bölegindäki türkmenleriň “Ahaly” bilen täjikleriň “Istiklolynyň” arasyndaky duşuşygyň ikinji ýarymy diýseň çekeleşikli geçip dur.

Ikinji ýarym 1:1 hasabynda başlandy. 60-njy minutda ýer eýeleri ikinji 11 metrlik urgyny ýerine ýetirmäge hukuk gazandylar. Ýöne Süleýman Orazow ony dürs ýerine ýetirip bilmedi. Futbolçynyň urgusyny “Istiklolyň” serbiýaly derwezeçisi Nikola Stoşiç saklamagy başardy.

70-nji minutda bolsa myhmanlar çep gyradan çalasyn hüjüm geçirdiler, pökgi Hurşed Mahmudowa ýetirildi we ol dürs urgy bilen Täjigistanyň toparyny öňe çykardy — 1:2.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň