Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Kubogy: türkmenleriň “Ahaly” bilen täjikleriň “Istiklolynyň” arasyndaky duşuşygyň birinji ýarymyndan soň, hasap-1:1

18:0911.03.2015
0
2831

Aşgabat, 11.03.2015. “Türkmenportal”.

Şu pursatda “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň “Ahaly” “Aşgabat” stadionynda täjikleriň “Istiklolyna” garşy AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça bölegindäki ikinji duşuşygyny geçirip dur.

Iki topar hem ilkinji tapgyrda şowsuz çykyş etdi. Täjigistanyň üç gezek çempiony we Kubogynyň dört gezek eýesi bolan topar AFK-nyň Kubogynyň finalçysy Yragyň “Erbilinden” 1:3 hasabynda ýeňilse, Türkmenistanyň wise-çempiony we Kubogynyň iki gezek eýesi bolsa, yklymyň ikinji derejeli bu ýaryşynyň häzirki çempiony “Al-Kadsiýadan” 2:0 hasabynda asgyn geldi.

Şonuň üçin iki topara-da ýeňiş gazanmak zerur bolup durýardy. Duşuşygyň eýýäm 5-nji minutynda myhmanlar öňe çykdy-0:1 Fathulla Fathulloýew tapawutlandy.

Şondan soň, ýer eýeleri howply hüjümleriň birnäçesini geçirdiler. 26-njy minutda ildeşlerimiz 11 metrlik urgyny ýerine ýetirmäge hukuk gazandylar. Ony Süleýman Orazow dürs ýerine ýetirdi. Netijede toparlar 1:1 hasabynda arakesmä çykdylar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň