Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

01:4511.03.2015
0
3413

Aşgabat, 11.03.2015. “Türkmenportal”.

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, käbir welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem-de birnäçe düzümleýin pudaklaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Milletiň Lideri ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri, daşky gurşawy goramak ulgamynda wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan bag ekmek işleriniň gerimini giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýew ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak we ýol gurluşygynda alnyp barylýan işleri halkara ülňülerine laýyk derejede dowam etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe, şeýle hem iş maslahatyna gatnaşýan Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda amala aşyrylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine we olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilişine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany Aşgabady okgunly ösdürmek boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýewe Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasatyny amala aşyrmak, milli ylmyň ykdysadyýete goşýan goşandyny artdyrmak, ylym-bilim ulgamyna we önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, halk hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynda tejribe bilen bagly ylmy barlaglaryň iş ýüzündäki netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de işe zehinli ýaşlary giňden çekmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ukyply ýaşlary ýüze çykarmagyň, täze zehinli alymlary terbiýeläp ýetişdirmegiň, ýaş alymlaryň hünär ussatlygyny artdyrmagyny höweslendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de ökde hünärmenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ylmy işlere giňden çekmek, olaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy we terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döretmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň barşynda Milli parlamentiň baştutany A.Nurberdiýewa ýüzlenip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşýan deputatlara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde bolup, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti  Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýändigini aýdyp, ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi. Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň