Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň öňdebaryjy hususy kärhanalary “ITB Berlin—2015” syýahatçylyk sergisiniň işine gatnaşdylar

0
917
0
1

Aşgabat, 11.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň wekiliýeti 4-8-nji mart aralygynda Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen “ITB Berlin-2015” halkara syýahatçylyk sergisiniň işine gatnaşdy.

Şu ýyl “ITB” sergisinde, “Messe Berlin” sergiler şäherjiginiň çäginde dünýäniň 188 ýurdundan hünärmenleriň 10 müňden gowragy işledi.

UNWTO-nyň çaklaýşy ýaly, ýakyn onýyllyklarda syýahatçylyk akymynyň ösüşi hut Aziýa sebitinde ýokary bolar. Bu sebit “ITB Berlin-2015” sergisinde hem giňden we köpöwüşginli wekilçilik etdi.

Türkmen pawilýony barada aýdylanda bolsa, onda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň esasy hususy kärhanalary özleriniň diwarlyklaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda “Nurana aý”, “Owadan syýahat”, “Durdynyýaz”, “Aýan” kärhanalary we beýlekiler bar. Bu kärhanalaryň ýolbaşçylary daşary ýurtly işewürler, iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň we halkara agentlikleriniň wekilleri bilen özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmak babatda netijeli gepleşikleri geçirdiler.

Türkmen sergisi diňe bir köp sanly syýahatçylyk guramalarynyň däl, eýsem, syýahatçylyk pudagy bilen garyşyk pudaklarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň hem ünsüni çekdi. Umuman, serginiň guramaçylyk komitetiniň statistiki gullugynyň maglumatlaryna görä, “ITB Berlin-2015” sergisiniň işlän bäş gününiň dowamynda oňa 170 müňe golaý adam gelip gördi. Olaryň aglabasy dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleridir. Bu giň möçberli çärede dünýäniň 90 ýurdundan žurnalistleriň 7 müňüsi işledi.

Berlinde geçirilen halkara forumynyň giň gerimli sergi meýdançasynda Türkmenistana özüniň tekliplerini hödürlemäge we özara peýdaly tanyşlygy, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredi. Şol gatnaşyklar bolsa milli syýahatçylyk ulgamynyň dünýäniň syýahatçylyk düzümine goşulyşmagyna kuwwatly itergi bermäge ukyplydyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru