Aşgabatda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahat geçirildi

00:1111.03.2015
0
5319

Aşgabat, 11.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň we “TRACEKA: ýol hereketiniň howpsuzlygy II” taslamasynyň ýardam etmeginde Aşgabatda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu barada “turkmenistan.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

Bu çäre Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde guraldy. Onuň bir ugry Türkmenistanyň çäginden geçýär.

Duşuşygyň barşynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berildi. Ýurduň mekdeplerinde “Durmuş esaslary” dersiniň çäklerinde okuwçylara ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýär.

Her ýyl ýurt möçberinde bir aýyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly giň möçberli çäre geçirilýär.

Şu ýylyň fewralynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllar aralygynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Milli maksatnamany we ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny tassyklady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň