Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani döwlet sapary bilen türkmen paýtagtyna geldi

23:0610.03.2015
0
3123

Aşgabat, 10.03.2015. “Türkmenportal”.

11-nji martda Aşgabada ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslan Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani döwlet sapary bilen türkmen paýtagtyna geldi diýlip, “Altyn asyr” elektron gazetiniň habarynda aýdylýar.

Duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň Baştutanlary durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny we bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. Hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bolsa tutuş sebitiň hem bähbitlerine hyzmat edýär. 

Türkmenistan we Eýran sebit boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlar bolmak bilen, häzikri döwürde asyrlaryň dowamynda toplanan netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmaga çalyşýarlar. Olar bu hyzmatdaşlygy iki ýurduň hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze giň möçberli taslamalar bilen berkidýärler. 
Şol taslamalaryň soňkularynyň biri-de geçen ýylyň ahyrynda üstünlikli tamamlanan Gazagystan -Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy bilen baglanyşyklydyr. Bu demir ýoly eýýäm “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň “altyn” halkasy hökmünde ykrar edildi. Şol geçelge bolsa Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has oňaýly demir ýol ugruny üpjün eder, diýmek, parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine hyzmat eder. 
Söwda-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň netijeli guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen döredilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işi, şeýle hem indi däbe öwrülen işewürler maslahatlary we harytlaryň ýöriteleşdirilen sergileri işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň we Eýranyň telekeçilik düzümleriniň özara gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär. Yzygiderli guralýan sergilere gatnaşýanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. 
Geçen aýyň ahyrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisine goňşy döwletden 120-ä golaý kompaniýa gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň telekeçileri hem-de sarp edijileri üçin gyzyklanma bildirýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini hödürlediler. 
Ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek türkmen-eýran işewürler forumy hem iki goňşy ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder. 
Medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda medeni we ylmy alyşmalar ýola goýuldy, sergiler, meşhur aýdymçylaryň we sazadalaryň döredijilik saparlary, türkmen we eýran wekiliýetleriň gatnaşmagynda halkara maslahatlar hem-de forumlar guralýar. Iki ýurtda Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatynyň sergileri yzygiderli geçirilýär, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Nobatdaky medeni çäre – Eýranyň lideriniň saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri hem dostlukly halklarynyň medeniýetleriniň mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna gönükdirildi. 

Bir söz bilen aýdylanda, ozal ýokary derejede we hökümetara derejesinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň ählisi Türkmenistanyň we Eýranyň ägirt uly kuwwata, mümkinçiliklere, esasysy bolsa, umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda hoşmeýilli erk-isleginiň bardygyny görkezdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň