Soňky habarlar

Arhiw

“Ahal” — “Istiklol” duşuşygyny FIFA-nyň katarly emini alyp barar

00:3610.03.2015
0
2959

Aşgabat, 10.03.2015. “Türkmenportal”.

AFK-nyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, 11-nji martda Aşgabatda “Ahal” bilen “Istiklolyň” arasyndaky duşuşygy FIFA-nyň 32 ýaşly katarly emini Hamis Mohamed Al-Kuwari alyp barar. Oňa gyraky kömekçiler hökmünde FIFA-nyň eminleri 24 ýaşly katarly Ýusuf Aref Al-Şamari we 35 ýaşly ýemenli Mohammad Ahmed Al-Hasani bellenildi.

FIFA-nyň 35 ýaşly liwanly emin Ali Reda ätiýaçdaky emin bolar.

Duşuşygyň gözegçi emini iordaniýaly Ismail Adnan Ismail Al-Hafi, komissary bolsa malaýziýaly Kamarudin Bin Sahari bolar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň