Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň işgärleri halkara Olimpiadasynda ýörite baýraga eýe boldular

0
651
0
1

Aşgabat, 10.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň myhmanhanalarda zähmet çekýän işgärlerinden we Türkmenistanyň Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen topar Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak agentliginiň (TIKA) gurnamagynda geçirilen 3-nji halkara OTED (Otel, Temizlik, Eğitimi ve Dekorasyonu) Alanýa «Houskeeping» Olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylara edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen TIKA-nyň arasynda ylalaşyk gazanylypdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda zähmet çekýän işgärleriň we Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň birnäçesi Türkiýede we Türkmenistanda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.

Hünär kämilleşdiriş okuwlary tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar myhmanhana işgärleriniň sergisine we 2-nji halkara «Housekeeping» Olimpiadasyna Türkmenistandan wekilçilik etdiler.

Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplar topary 2-nji orna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň myhmanhana işgärlerinden we syýahatçylyk pudagynyň geljekki hünärmenlerinden – talyplardan düzülen, her haýsy 5 adamdan ybarat iki topar Antalýada geçirilen 3-nji Olimpiada we halkara sergä gatnaşmaga hukuk gazandy.

Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň myhmanhana işgärlerinden we talyplardan düzülen toparlar eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

OTED Alanýa geňeşiniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Hakan Halit türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşant goşup, bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin türkmenistanly myhmanlara hoşallyk bildirdi.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru