Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan täze kitap neşir edildi

23:5609.03.2015
0
4759

Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan “Berkarar döwletde zenan sarpasy” atly täze kitap düýn ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Halkara zenanlar gününe gabatlanyp okyjylara ýetirildi.

Bu kitap Türkmenistanyň Prezidentiniň zenanlar barada aýdan pähimli sözleri bilen açylýar. Dürli suratlar bilen bezelen täze kitap türkmen zenanlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda eýeleýän orny baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Türkmenistanda aýallaryň hukuklary we azatlyklary babatdaky milli kanunçylyk binýady halkara hukugynyň  umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak arkaly yzygiderli kämilleşdirilip durulýar.

Köp sanly suratlar bilen bezelen, 200 sahypadan ybarat bolan täze kitapda bular barada takyk maglumat berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň