Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2015-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda durmuş maksatly desgalaryň 194-si, 959,7 müň inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlary guruldy

12:5009.03.2015
0
3130

Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.

Rejelenen görnüşdäki Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda, iki aýyň jemleri boýunça ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň 194-siniň, 959,7 müň inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik-tehniki ulgamlaryň we desgalaryň gurluşygy amala aşyryldy. 2015-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda maýa goýumlary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,9 göterim köp özleşdirildi.

Şu ýylyň iki aýynda netijeleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli berjaý edildi. Onuň girdeji bölegi 103,6 göterim, çykdajy bölegi 90,7 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň 79 göterimi durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň