Soňky habarlar

Arhiw

Ertir Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar

12:3809.03.2015
0
3489

Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.

10-11-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary bolar. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-eýran gepleşikleriniň barşynda söwda-ykdysady ugurda bolşy ýaly, medeni-gumanitar pudakda yzygiderli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda bilelikdäki hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir.

Ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedir. Bu gün ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ähli möhüm ugurlarda, şol sanda ykdysadyýetde hem sazlaşykly ösdürilýär. Dürli pudaklarda birnäçe bilelikdäki iri taslamalaryň ýerine ýetirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny baglanyşdyrýan köpasyrlyk taryhy, ruhy-medeni gatnaşyklary mynasyp dowam etdirýän gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň