Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen paýtagtynda ýagyş gatyşykly gara garaşylýar

02:1609.03.2015
0
5508

Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.

Duşenbeden sişenbä geçilýän gije, şeýle hem sişenbe güni irden paýtagtda ýagyş gatyşykly gara we howanyň temperaturasynyň 1 gradusa çenli maýyl bolmagyna garaşylýar.

Gündiz howa 4-5 gradus maýyl bolar. Martda gar ýagmagy paýtagtlylar üçin täzelik däl, bu ortaça iki ýyldan bir gezek bolup geçýär.

Aşgabatda käte aprelde hem gar ýagýar. Mysal üçin, 2003-nji ýylda apreliň ortalaryna ýagyş gatyşykly garyň ýagýandygyny şaýady bolundy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň