Türkmenistanyň Prezidenti agtygy bilen atçylyk toplumynda boldy

0
241
0
0

Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.

Dynç gününde boş wagtlaryny at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz 8-nji martda agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk toplumyna geldi.

Milli Liderimiziň agtygy Dosthan atly bedewe atlanyp, çapuw ýodasyna çykdy we ony öz erkine goýberdi. Bu görnüş agtygyň at çapmak ýaly örän çylşyrymly we jogapkärli hünäre bolan höwesiniň hem-de yhlasynyň netijesidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz agtygy bilen ahalteke bedewleri, türkmen atşynaslarynyň we zehinli seýisleriniň dünýä beren milli gymmatlygy barada söhbet etdi.

Hormatly Prezidentimiziň agtygy toplumda idedilýän naýbaşy bedewleriň biri bolan “Dowamat” atly ata atlanyp, ýene-de çapuw ýodasyna çykdy.

Onuň uçganaklap duran bedewe erjellik bilen erk edişi, aty öz erkine goýbermegi türkmen ilinde ähmiýetli hasaplanýan çapyksuwarlyk ýörelgeleriniň kämil derejede dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançly wakadyr. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini, ony çapyşyny synlap, onuň erjelligine, yhlasyna guwandy.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem döwlet Baştutanymyzyň taýsyz- tagallasy bilen “behişdi bedew” halkymyzyň ileri tutýan milli ugurlarynyň düzüminde aýratyn orny eýeleýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň bedew badyna meňzedilmegi hem ýöne ýerden däldir.

Milli Liderimiz we agtygy atly gezelenji tamamlap, bedewleri athana alyp geldiler. Olara ideg etmek bilen, döwlet Baştutanymyz agtygy bilen bu ýerden ugradylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru