Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet konserti geçirildi

00:1809.03.2015
0
3211

Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.

Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti geçirildi.

Konserte Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasy, talyp ýaşlar we elbetde, dabaranyň esasy gahrymanlary bolan zenanlar ýygnandylar.

Olaryň hatarynda zähmet weteranlary, ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklaryna wekilçilik edýän önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, baýramçylygyň öň ýanynda “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan köp çagaly eneler,, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zenanlar, “Ýylyň zenany-2015” atly bäsleşigiň we beýleki döredijilik hem-de hünär gözden geçirişleriniň ýeňijileri bar.

Baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň iň ökde döredijilik toparlary, halk döredijilik toparlary, halk sazandalary, tans toparlary, estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji meşhur aýdymçylar, ýaş artistler we wäşiler çykyş etdiler.

Konsertiň ahyrynda ýerine ýetirilen gadymy küştdepdi tansyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

“Bagtyýar eneler, mährem eneler!” diýen täze aýdym döwlet konsertiniň jemleýji çykyşy bolup ýaňlandy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Maslahat köşgünde geçirilen konsertden taýýarlan fotoreportažymyzy synlamaga çagyrýarys!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň