Milletiň Lideri Türkmenistanyň aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady

04:1608.03.2015
0
2800

Aşgabat, 08.03.2015. «Türkmenportal».

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň tdh.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň zenanlaryna we gelin-gyzlaryna» Ýüzlenmesinde, hususan-da, şeýle diýilýär: «Milletimiziň buýsanjy we mertebesi bolan zenanlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, aýratyn hem ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler”.

“Telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar hem-de eziz Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ösüşlere beslenen özgertmelerimizi we iri möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary üçin zenanlarymyzyň ýokary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolmaklary bizi örän buýsandyrýar” diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

“Zenanlarymyzyň hukuklaryny goramak, döredijilik we aň-düşünje mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda edilýän tagallalar, bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen giň gerimli we hemmetaraplaýyn özgertmeler jemgyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegine şert döredýär” diýlip milletiň Lideriniň baýramçylyk Ýüzlenmesinde aýratyn nygtalyp geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň