Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Ýaponiýada bolar

02:0808.03.2015
0
2879

Aşgabat, 08.03.2015. “Türkmenportal”.

12-14-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýada bolar, onuň barşynda Sendaý şäherinde BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek baradaky III Halkara maslahatynyň işine gatnaşar diýlip, tdh.gov.tm. saýtynyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistan ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem abraýly sebitara we halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär, häzirki zamanyň wajyp meseleleri boýunça resminamalaryň işlenilip düzülmegine işjeň gatnaşýar. 

Türkmenistanyň BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek baradaky III halkara maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy adamzadyň abadançylyk ýörelgelerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Şunuň bilen baglylykda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R. Meredowa Ýaponiýa boljak iş saparyna taýýarlyk babatda degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi soňky ýyllarda ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň