Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly zenanlary sylagladylar

00:4608.03.2015
0
2627

Aşgabat, 08.03.2015. “Türkmenportal”.

7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda dürli pudaklar boýunça öňdebaryjy zenanlaryň, sekiz we ondan hem kän perzendi dünýä inderip, olary kemala getiren eneleriň birnäçesine hormatly atlar we döwlet sylaglary gowşuryldy. Şeýle-de köp çagaly maşgalalaryň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi.

Zenanlara hormatly atlaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly gowşurylyşy günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda geçirildi.

Milli Liderimiziň adyndan hormatly atlaryň şahadatnamalaryny, medallary we täze jaýlaryň açarlaryny Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gowşurdy.

Bu ýerde dürli pudaklarda işleýän öňdebaryjy zenanlarymyza «Zenan kalby» ordeni gowşurylan bolsa, sekiz we ondan hem köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly at berildi. Bagtyýar eneleriň birnäçesi bolsa täze jaýlaryň eýesi boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň