Soňky habarlar

Arhiw

«Talyp gözeli-2015» gözellik bäsleşigi geçirildi

00:2608.03.2015
0
40703

Aşgabat, 08.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda 7-nji martda «Talyp gözeli-2015» atly gözellik bäsleşigi geçirildi.

Her ýyl guralýan bu gözden geçirilişe ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşýarlar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gyzlar özleriniň döredijilik zehinini hem-de dürli tagamlary taýýarlamak babatda ussatlygyny görkezdiler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda geçirilen «Talyp gözeli-2015» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň 21-si gatnaşdy.

Bäsleşigiň jemi boýunça baş baýraga Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Mähriban Baýramowa, 1-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby Akjemal Işangulyýewa, 2-nji orna Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Orazgül Öwezmyradowa, 3-nji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Oguljuma Baýramowa mynasyp boldy.

"Fotoreportaž" atly rubrikamyzda "Talyp gözeli-2015" bäsleşigindäki çykyşlary synlap bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň