Ýasusige Okimoto: “Men halklarymyzyň ruhy ýakynlygyny duýýaryn, iki dostlukly halkyň köp umumylygy bar”

0
441
0
0

Аşgаbаt, 07.03.2015. «Türkmenportal».

6-njy martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Ýasusige Okimotony kabul etdi, ol ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýar. Bu barada “Золотой век” elektron gazeti habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn görnüşde – iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek babatynda gyzyklanma bildirilýän, pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, özara ynam we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar, halkara durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça , ilkinji nobatda bolsa häzirki döwrüň esasy meseleleri babatynda iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz we myhman işjeň hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge mümkinçilik döredýän özara gyzyklanmalary kanagatlanmak bilen belläp, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň, şeýle hem soňky ýyllarda ýygjam häsiýete eýe bolan dürli derejedäki duşuşyklaryň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdiler.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde Ýasusige Okimotonyň goşandyna ýokary baha berip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekiline bagt we berk jan saglyk arzuw etdi.

-Men halklarymyzyň ruhy ýakynlygyny duýýaryn, iki dostlukly halkyň köp umumylygy bar, olar belent ruhy-ahlak ýörelgelerine eýerýär, bu bolsa ýurtlarymyzyň has-da ýakynlygynyň sebäpleriniň biridir diýip, ýapon diplomaty hoşlaşanda aýtdy we tutuş türkmen halkyna abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru