Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda häzirkizaman lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen Endokrinologiýa merkezi gurlar

14:1707.03.2015
0
12374

 Аşgаbаt, 07.03.2015. «Türkmenportal».

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow işe barýarka, ýolugra ejesiniň saglyk ýagdaýyndan habar almak maksady bilen, lukmançylyk merkezine sowuldy. Lukmanlar milli Liderimize Ogulabat ejäniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny habar berdiler. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundaky Newrologiýa merkeziniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň gurluşygy bilen tanyşmak maksady bilen bu ýere geldi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşyp, wise-premýerler S.Toýlyýewe, Ş.Durdylyýewe, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa lukmançylyk merkezleri bilen bir hatarda, seýilgäh zolaklarynyň gurluşygyna üns bermegi tabşyrdy.

 Bu ýerleriniň bagy-bossanlyga bürenmegi paýtagtymyzyň bu künjeginiň ekologiýa ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmak bilen bir hatarda gurulýan lukmançylyk merkezleriniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde süýji keseli bilen baglanyşykly meseleleriň ýüze çykýandygyny nazara almak bilen, Ministrler Kabinetiniň orunbasary S.Toýlyýewe hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa bu keseli irgözinden anyklamak we netijeli bejermek boýunça dünýä ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegi, onuň häzirkizaman serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hökümetiň nobatdaky mejlisine bu babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň goldaw bermeginde 2014-2020-nji ýyllar üçin döwürde ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça milli strategiýa işlenip taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjeginde amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak maksady bilen, wise-premýer Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkim R.Nurmämmedowa saglygy goraýyş ulgamyna degişli beýleki desgalaryň, olaryň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly degişli düzümleriniň gurluşygy boýunça meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Şu ýyl “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 20 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiz şu döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylandygyny hem-de lukmançylyk babatdaky hyzmatlaryň gerimini we hiliniň ýokarlanandygyny belläp, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň täze görnüşde, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejede durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň ilatynyň saglygynyň degişli derejede goralmagyny üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň