Finlýandiýanyň ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde kabul edildi

12:2407.03.2015
0
2879

Aşgabat, 07.03.2015. “Türkmenportal”.

“2015-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabada gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niklas Lindkwist (bolýan ýeri Helsinki şäheri) bilen duşuşyk geçirildi” diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda şu aýda Aşgabatda geçirilmegi bellenilýän iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky maslahatlaşmalara we türkmen-finlýandiýa işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, oňa gatnaşyjylar şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, Türkmenistan bilen ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gepleşikleriň, abraýly halkara guramalaryndaky, ilkinji nobatda BMG-däki hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy maslahatlaşmalary yzygiderli dowam etdirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň