Milletiň Lideri “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady döretmek baradaky teklibi goldady

01:4507.03.2015
0
3448

Аşgabat, 07.03.2015. «Türkmenportal».

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň iki aýynda Mejlis tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada habar berdi.  

Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berip, onuň döşe dakylýan nyşanynyň görnüşlerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

 Döwlet Baştutany “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady döretmek meselesine degip geçip, ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de goldamagyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän bu pudagynyň däplerini baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanda behişdi bedewler bilen işlemegi durmuş ýörelgesine öwren, bu ugurda belent sepgitlere ýeten adamlar az däldir. Olar uly hormat-sarpa mynasypdyr diýip, milli Liderimiz bu teklibi goldady.   

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň