Türkmenistanly futbolçy Çempionlar ligasyndaky gollarynyň hasabyny açdy

0
948
0
0

Aşgabat,  07.03.2015. “Türkmenportal”.

Özbegistanyň Garşy şäheriniň “Nasaf” toparynyň türkmenistanly oýunçysy Artur Geworkýan Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasyndaky gollarynyň hasabyny açdy. Bu “D” toparçasynda Jitdada “Al-Ahlä” (Saud Arabystany) garşy geçirilen ikinji tapgyryň duşuşygynda bolup geçdi.

20-nji minutda Umar Al Soma hasaby açdy. 65-nji minutda Artur Geworkýan jerime urgusyndan hasaby deňledi — 1:1. 77-nji minutda bolsa Al Žaman “Al-Ahlä” ýeňiş getiren pökgini geçirdi.

Iki tapgyrdan soň, 4 utuk toplan “Al-Ahli” toparçada öňdäki orunda barýar. “Nasafyň” we Töwriziň (Eýran) “Traktor Sazi” toparynyň hersiniň 3 utugy bar. Dubaýyň (BAE) “Al-Ahlisi” bolsa 1 utuk bilen soňky orunda barýar.

Birinji tapgyrda “Nasaf” öz meýdanynda “traktor Sazini” 2:1 hasabynda ýeňdi. Şol duşuşykda Artur Geworkýan Hamza Karimowyň ýeňiş pökgüsini geçirmegine ýakyndan ýardam etdi.

Artur Geworkýanyň geçen ýyl Garşynyň “Nasafynyň” düzüminde Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi we 18 gol bilen (5-si 11 metrlik urgudan) iň köp pökgi geçiren oýunçy bolandygyny ýatladýarys. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru