Hormat garawulynyň hem-de harby atlylar toparynyň täze lybaslarynyň nusgalary görkezildi

00:3307.03.2015
0
20518

Aşgabat, 07.03.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi” diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynyň eýwanynda döwlet Baştutanymyza Hormat garawulynyň, şeýle-de harby atlylar toparynyň täze lybaslarynyň nusgalary görkezildi.

Milli Liderimiz harby lybaslaryň görkezilen nusgalary bilen tanşyp, harby lybaslaryň daşky görnüşinden başga-da, olaryň oňaýly bolmalydygyny, iň gowy milli däpleriň hem-de ýurdumyzyň howa şertleriniň aýratynlyklarynyň nazara alnyp taýýarlanylmalydygyny nygtady we bu ugurda işleri dowam etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň