Ýazyjy-şahyrlaryň baýramçylyk sowgady

0
378
0
0

Aşgabat, 07.03.2015. “Türkmenportal”.

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, “Arkadagly Watanda bagtyýardyr zenanlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guran baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzda giňden tanalýan ýazyjy-şahylar bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar ata Watanymyzy, gelin-gyzlarymyzy, enelerimizi wasp edýän goşgulary okadylar, öz döreden proza eserlerinden parçalary okap berdiler.

Türkmenistanyň halk ýazyjylary Atamyrat Atabaýewiň we Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň okan goşgularyny dabara gatnaşyjylar uly şowhun bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň halk artistleri Halbike Dowyýewanyň, Suhan Orazberdiýewiň we beýleki ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru