Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýan topar ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän topary uly hasap bilen ýeňdi

21:4306.03.2015
0
14682

Suratda: bir duşuşykda 4 pökgi geçiren Altymyrat Annadyrdyýew.

Aşgabat, 06.03.2015. “Türkmenportal”.

Anna güni başlanan Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyry şu gün dowam etdi. “Aşgabat” stadionynda wise-çempion, Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi “Ahal” ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän Marynyň “Energetigini” synagdan geçirdi.

“Energetik” 2010-njy ýylda döredildi. Soňky bäş ýylda birinji ligada höwesjeňler toparlarynyň arasynda ilkinji dört ýyl “Kuwwat”, 2014-nji ýyl bolsa “Mary GES” atlary bilen çykyş etdi. Şu ýyllar içinde topara baş tälimçi hökmünde Marynyň “Merwiniň” öňki belli futbolçysy Arsen Ýuzbaşýan ýolbaşçylyk etdi. Geçen ýyl birinji ligada ýeňiji bolup, ýokary ligada oýnamaga hukuk gazandy.

Täze möwsümiň öňüsyrasynda topar diňe bir adyny däl, eýsem, tälimçilerini hem täzeledi. Topary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we “Balkanyň” öňki baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rahym Gurbanmämmedow kabul etdi. Oňa bu işde öňki belli futbolçylar Aleksandr Klimenko bilen Dmitriý Gasanow kömek ederler.

“Türkmenportalyň” habarçysyna belli bolşy ýaly, “Energetikde”, esasan, birinji ligada ýeňiji bolan düzüm saklanyp galdy. Ýöne toparda ýokary liganyň mekdebini geçen oýunçylar hem bar. Olardan “Merwden” Arslan Weliýew, Elhan Mämmedow, Baýrammyrat Nazarow, “Balkandan” Farahat Bazarow, Artýom Nikitenko, “Talyp sportundan” Ylýas Minhairow dagyny görkezmek bolar.

“Energetigiň” garşydaşy bolan “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň “Ahaly” bu ýyl diňe bir öz ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň-de ünsüni özüne çekdi. Topar AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky böleginde Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoýyny” we Omanyň “Fanjasyny” ýeňip, toparça bölekde oýnamaga hukuk gazandy.

Ine, ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän toparyň garşysyna bolan oýunda hem “Ahal”, garaşylyşy ýaly, sazlaşykly hem hüjüm ediji oýun görkezdi. Eýýäm birinji ýarymda myhmanlaryň derwezesinden üç pökgi geçdi. Golaýda Sankt-Peterburgda geçirilen Arkalaşygyň Kubogynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-23) iň gowy oýunçylarynyň biri Gurban Annaýew iki, “Galkan” futzal toparyndan täzelikde “Ahala” gelen Altymyrat Annadurdyýew bir gezek tapawutlandy. Arakesmeden soň Altymyrat ýene üç pökgi geçirdi.

Netijede A. Annadurdyýew bir oýunda 4 gezek tapawutlanyp netijeli hüjümçileriň bäsleşiginde, 6:0 ýeňen “Ahala” bolsa ýaryş basgançagynda öňe saýlandy.

7-nji martda “Altyn asyr” — “Hazyna”, “Daşoguz” — “Şagadam”, “Merw” — “Aşgabat” duşuşar.

Hasabaty halaýanlar üçin duşuşygyň maglumatlaryny hödürleýäris.

“Ahal” — “Energetik” — 6:0 (3:0)

6-njy mart. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Gurban Annaýew 18, 38, Altymyrat Annadurdyýew 27, 66, 85, 90+1.

Duýduryş alan: Ylýas Minhairow 17 (“Energetik”).

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň gözegçisi: Hudaýnazar Rejepow.           

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň