Doglan günüň bilen, “Real”!

0
412
0
0

Aşgabat, 06.03.2015. “Türkmenportal”.

113 ýyl mundan ozal hut şu gün doganlar Padros we Huliýan Palasioslar “Real” (Madrid) futbol toparyny esaslandyrdylar. Ol häzirki wagtda Ýewropanyň iň atly-derejeli kluby bolup durýar.

1902-nji ýylyň 6-njy marty Madridiň bu futbol toparynyň resmi taýdan esaslandyrylan güni hasaplanýar.

113 ýylyň içinde “blankos” dünýäde sportuň bu görnüşiniň ähli ugurlarynda öňdebaryjy orna çykdy we FIFA tarapyndan “XX asyryň iň gowy kluby” diýlip saýlanyldy.

Geçen möwsümde topar ahyrsoňy soňky ýyllardaky esasy arzuwyna — “Desima” ýetdi. Çempionlar ligasynyň 10 Kubogyny “Realyň” gazanan ähli baýraklarynyň esasylary hökmünde görkezmek bolar.

“Şa toparynyň” we bu ýaryşlaryň arasyndaky gatnaşyklar aýratyn häsiýete eýedir. Çünki “Real” bu ýaryşyň esaslandyrylmagyna gatnaşdy we onda hemmelerden köp ýeňiji boldy.

Ady rowaýata öwrülen Madridiň toparynyň eýelän baýraklarynyň arasynda Yklymara Kuboklaryň 3-si, UEFA-nyň Kuboklarynyň 2-si, Naýbaşy Kuboklaryň 2-si, La Liganyň Kuboklarynyň 32-si, Şa Kuboklarynyň 19-sy, Ispaniýanyň Naýbaşy Kuboklarynyň 9-sy, şeýle hem klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň we Liganyň Kubogynyň hersinden biri bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru