Hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr

16:4306.03.2015
0
6153

Aşgabat, 06.03.2015. “Türkmenportal”.

5-nji martda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa giň möçberli harby özgertmäniň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan milli bähbitleri goramak, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, döwlet tarapyndan milli goşunyň kuwwatyny berkitmäge, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny nygtady. Bitaraplyk derejesi bolsa döwletimiziň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mizemez hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri Bitaraplyk derejesiniň esasyny düzýär.

Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan geçirilýän işiň örän wajypdygyny aýdyp, döwletimizde we jemgyýetimizde raýat asudalygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2015-nji ýylyň ilkinji iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemleri beýan edildi we bu düzümleriň işini  kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna aprel aýynda badalga alýan “Göknar-2015” çäresine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Onuň çäklerinde şahsy düzüm ýörite okuwlary geçdi.

Döwlet Baştutany neşekeşlige garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça geçirilýän giň möçberli işleriň wajypdygyny nygtap, bilelikdäki möhüm taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmekde hemişe hyzmatdaş hökmünde çykyş edýän abraýly halkara we sebit guramalary bilen has netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Häzirki döwürde neşekeşlige garşy göreşmäge we onuň öňüni almak boýunça geçirilýän işlere hukuk goraýjy edaralaryň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşýarlar.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milletiň Lideriniň ozal beren anyk tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra,  Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynyň eýwanynda döwlet Baştutanymyza Hormat garawulynyň, şeýle hem harby atlylar toparynyň täze lybaslarynyň nusgalary görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň