Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

10:1406.03.2015
0
3166

Aşgabat, 06.03.2015. “Türkmenportal”.

“Düýn türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäräni EYR-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeni merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar” diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň habarynda aýdylýar.

Medeniýet günleriniň  açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu waka mynasybetli  bu ýere döredijilik ulgamlaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar. EYR-nyň döredijilik wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyna degişli  edara - kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, aýdymçy-sazandalar, suratkeşler, halk senetleriniň ussatlary girdi.

Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Baştutanlaryna—Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we EYR-nyň Prezidenti Hasan Ruhana köp ugurly hyzmatdaşlyk, goňşy döwletleriň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklary giňeltmek babatda alyp barýan syýasatlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olaryň halklary agzybirlikde we ylalaşykda ýaşaýarlar.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda EYR-nyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny belli eýran halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary düzdi. Olar nusgawy dessanlardan ajaýyp sahnalary we gündogar şahyrlarynyň goşgularyna döredilen gadymy aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň