Soňky habarlar

Arhiw

“Zeminiň lälesi” atly güller sergisi ony synlamaga gelenlere özboluşly kompozisiýalary hödürledi

01:3006.03.2015
0
5522

Aşgabat, 06.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar baýramyna bagyşlap “Zeminiň lälesi” atly güller sergisini gurady.

Serginiň dowamynda Aşgabat şäher häkimliginiň Medeniýet müdirliginiň “Aşgabat” tans toparynyň, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky “Mukam” skripkaçylar toparynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

  

Bu ýere ýygnanan enelere, şeýle hem gelin-gyzlara tebigata aýratyn gözellik berýän gül çemenlerinden ybarat kompozisiýalar görkezildi. Olaryň arasynda dürli görnüşli güllerden ýasalan Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyny alamatlandyrýan şekil hem bar.

Sergidäki dürli güllerden ýasalan kompozisiýalary biziň fotoreportažymyzda synlamagy unutmaň!   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň