Soňky habarlar

Arhiw

HTTU-nyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionaty-2015-iň oýnunda ýeňiş gazandylar

23:1505.03.2015
0
14454

 Aşgabat, 05.03.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün türkmen paýtagtynda AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny eýelän iki toparyň — HTTU-nyň we “Balkanyň” duşuşygy bilen Türkmenistanyň 23-nji futbol çempionatynyň oýunlary başlandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, milli çempionatyň medallary ugrunda 10 topar güýç synanyşýar, olar birek-birek bilen dört aýlawda oýnaýarlar. Ýaryşy açmak HTTU bilen “Balkana” nesip etdi. Çempionatyň açylyş dabarasy Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadionynda geçirildi. Elbetde, iki topara hem ilkinji duşuşykda ýeňil düşmedi. Ýagyşdan soň, birneme çyglanan meýdan iki topara-da çalasyn, oýlanyşykly oýun görkezmäge päsgel berdi. Muňa garamazdan, çempionatyň ilkinji pökgüsine köp garaşmaly bolmady. Ony HTTU-nyň hüjümçisi Pirmyrat Soltanow öz adyna ýazdyrdy.

Öňe saýlanan HTTU-nyň futbolçylary şondan soň goraga köpräk üns berip, garşylyklaýyn hüjümleri geçirdiler. Balkanlylar bolsa, tersine, hasaby deňlemäge çalyşdylar. Bir pursatda duşuşygyň iň gowy oýunçylarynyň biri, myhmanlaryň goragçysy  Mekan Saparow jogap pökgüsini geçirmäge ýakynlady. Ýöne onuň golaý aralykdan ýerine ýetiren urgusy derwezeçi Nurgeldi Astanowy başagaýlyga salyp bilmedi.

Netijede baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylyk edýän HTTU topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji 3 utugyny gazandy. “Balkan” bolsa Aly Gurbanowyň baş tälimçiliginde ilkinji ýeňlişine sezewar boldy.

Çempionatynyň ilkinji tapgyry 6-njy martda “Ahal” bilen “Energiýanyň” arasyndaky oýun bilen dowam edip, 7-nji martda “Altyn asyr” — “Hazyna”, “Daşoguz” — “Şagadam”, “Merw” — “Aşgabat” duşuşyklary bilen jemlener.

Hasabaty halaýanlar üçin duşuşygyň maglumatlaryny hödürleýäris

HTTU — Balkan — 1:0 (1:0)

5-nji mart. Aşgabat. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Pirmyrat Soltanow, 8.

Duýduryş alanlar: Dawid Sarkiwoz 45, Gurbangeldi Batyrow 57, Muhammet Astanow 75, Myrat Ýagşyýew 40.

Emin: Maksat Seýitgulyýew.

Gözegçi emin: Öwez Gylyçmyradow.

Biz siz üçin duşuşykdan ýörite fotoreportaž taýýarladyk. Synlaň! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň