Soňky habarlar

Arhiw

Ähli amatlyklar — çagalara

17:3605.03.2015
0
4293

Aşgabat, 05.03.2015. “Türkmenportal”.

“Ýakyn wagtda çagalar baglarynyň birbada üçüsi Türkmenbaşy şäheriniň durmuş ulgamynyň üstüni ýetirer. Döwrebap çagalar şäherjiklerini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň kärhanalary bina edýär” diýip, “Nebit-gaz” gazeti habar berýär.

Täze çagalar baglarynyň iki gatly binalary dürli taslamalar boýunça gurulýar. Olar özboluşly binagärligi bilen biri-birinden tapawutlanyp, binalarda döwrebap we däbe öwrülen milli nusgalar sazlaşykly utgaşýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň biri 160 orunlyk, beýleki ikisiniňem her biri 320 orunlykdyr.

Çagalar şäherjiklerinde ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi, körpeleriň oňaýly dynç almagy we wagtlaryny gyzyky geçirmegi üçin ähli şertler dörediler. Täze desgalar aýratyn, öz arasynda birleşdirilen  binalardan ybarat bolup, olarda dürli ýaşdaky çagalar üçin otaglar guruldy. Taslamada her ýaş topary üçin ajaýyp enjamlaşdyrylan oýun we sport zallary, owadan mebelli ýatylýan otaglar göz öňünde tutuldy.

Çagalary mekdebe taýýarlamak, daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny öwretmek işlerine aýratyn üns berler. Saz we sport zallary, ýüzülýän howuzlar körpeleriň beden we ruhy taýdan ösmegi üçin niýetlenendir. Çagalar baglarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler, erteki gahrymanlarynyň keşpleri bilen bezeler. Tomusky bassyrmaly, pawilýonly we çäge aýmançakly oýun meýdançalary körpelerde uly kanagatlanma döreder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň atalyk aladasy netijesinde ýurdumyzda her ýyl interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň, çeperçilik we sagaldyş merkezleriniň onlarçasy ulanmaga berilýär.

Çagalaryň bagtyýar keşbi, şadyýan gülküleri we çar tarapa ýaň salýan sesleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň dabaralanmagynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň  şu gününe we geljegine bolan ynamymyzyň iň gowy subutnamasy bolsa gerek.            

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň