Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna resmi saparyny möhletinden öň tamamlady

07:3805.03.2015
0
4480

Aşgabat, 05.03.2015. “Türkmenportal”.

“4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna resmi saparyny ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň ýarawsyzlygy sebäpli möhletinden öň  tamamlap, Watanyna ugrady” diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti howa menziliniň VIP zalynda  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, Türkmenistanyň ilatynyň durmuş ulgamynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine bagyşlanan birnäçe meselelere garaldy. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeli bolandygy bellenildi. Munuň özi gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda öz beýanyny tapdy. Ol uzakmöhletleýin geljege niýetlenen türkmen-türk gatnaşyklarynyň halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda uly goşanda öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz  iş maslahatynyň jemini jemläp,  milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňde boljak möhüm çäreleriň taýýarlygyna örän jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň