Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä bolan şu saparynyň öz öňünde goýlan maksatlara ýetilendigini kanagatlanma bilen belledi

11:3604.03.2015
1
4680

Aşgabat, 04.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä saparynyň ilkinji gününiň dowamynda giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar guramasynyň (DEIK) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň (TIKA) arasynda “Toprakly we topraksyz ýyladyşhana gurmak” taslamasynyň ýerine ýetirilmegi baradaky Teswirnama, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Zähmet, durmuş taýdan goramak we iş bilen üpjünçilik babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Ýükleriň halkara utgaşdyrylyp daşalmagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirlemek bilen, bu saparyň türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhyndaky ýetilen ýene-de bir täze sepgitdigini nygtady.Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda barha ösýän we berkeýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bar bolan amatly şertleri peýdalanmak bilen, iki döwletiň arasynda iri taslamalary amala aşyrmak boýunça täze mümkinçilikleriň döreýändigi barada pikir alşyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, şu ýyl Türkmenistanyň we Türkiýäniň öz taryhyndaky möhüm ähmiýetli şanly seneleri belläp geçýändigine ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine 20 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Bu şanly senä bagyşlanyp geçirilýän çärelere halkara jemgyýetçiligi hem gatnaşar. Doganlyk türk halky hem 2015-nji ýylda Çanakkaladaky söweşiň 100 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçýär.

Duşuşyklar açyklyk we birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda geçýändigini kanagatlanma bilen belläp, milletiň Lideri saparyň netijelerine ýokary baha berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ünsüni ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksadynda ertir, 4-nji martda Stambulda Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahatynyň açylýandygyna çekdi. Bu maslahata Türkiýäniň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça kompaniýalary gatnaşar.

Milletiň Lideri pursatdan peýdalanyp, Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem täze, has ýokary derejä çykandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) karary bilen 2015-nji ýylda Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ähli doganlyk döwletler bilen bilelikde türki halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe medeni we ylmy çäreler geçiriler.

Türkmen Lideri sözüniň ahyrynda, Türkiýe Respublikasyna şu saparynyň öz öňünde goýlan maksatlara ýetilendigini kanagatlanma bilen belledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň