Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti “Aksaraý” köşgünde Türkmenistanyň Prezidentini mähirli garşylady

0
547
0
0

Aşgabat, 04.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasynda — “Aksaraý” köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady.

Köşkde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň iş otagynda ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu saparyna öz ýurdunda däp bolan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka, türkmen-türk dostlugynyň mizemezliginiň täze aýdyň nyşany hökmünde baha berilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä resmi sapar bilen gelmäge çakylygy we mähirli garşylanandygy üçin öz türkiýeli kärdeşine minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň hem bu sapara hem-de şu gepleşiklere uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Özara düşünişmek we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-türk gatnaşyklarynyň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini aýdyňlaşdyryp, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ägirt uly kuwwata eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru