Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ankarada ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähine baryp gördi

09:3804.03.2015
0
4041

Aşgabat, 04.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna saparynyň dowamynda türkmen döwletiniň Lideri Ankaranyň döwrebap seýilgäh toplumlarynyň biri bolan “Dikmen Wadisi” toplumynda ýerleşen “Türkmenistan” seýilgähine bardy. Şol ýerde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylypdyr. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň, türk işewürler toparlarynyň wekilleri we Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary mähirli garşyladylar.

Bu seýilgähiň we onuň çäginde oturdylan beýik türkmen nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolupdy. Bu şanly waka iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dostlugyň we doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Türkmen Lideri Magtymguly Pyraga hormat-sarpa goýmak bilen, ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy. Beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasy milli baýlyk hem-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň