Türkmen paýtagtynda serhetleriň howpsuzlygyna we terrorçylyga garşy hereketleri dolandyrmaga degişli sebitara maslahat açylýar

0
561
0
0

Aşgabat, 04.03.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün türkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň (MAÖADSM) OBCE-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde guramagynda “Serhetleriň howpsuzlygy we terrorçylyga garşy hereketleri dolandyrmak” atly sebitara maslahat açylýar.

MAÖADSM-iň metbugat maglumatlarynda aýdylmagyna görä, maslahata degişli edaralaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilleri we halkara hem sebit guramalaryndan wekiller gatnaşar. Olar serhetleriň howpsuzlygynyň we terrorçylyga garşy hereketleri dolandyrmagyň meseleleri we öňdebaryjy tejribesi barada pikir alşarlar.

Maslahat “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler we 6-njy marta çenli dowam eder. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru