Soňky habarlar

Arhiw

Zenanlary wasp edýän eserler

01:3004.03.2015
0
5333

Aşgabat, 04.02.2015. “Türkmenportal”.

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, şol sanda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Bagtyýarlygyň bagtly zenanlary” atly sergi açyldy.

Bu sergini şöhlelendirmäge baran “Türkmenportalyň” habarçysy ol ýerde türkmen teleýaýlymynyň işgärleriniň taýýarlaýan gepleşigine gabat geldi. Gepleşikde Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzalary we Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplaryna bahar paslymyzy, ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän işler dogrusynda söhbet edildi.  

Sergide suratkeş M. Mämmedowyň “Bahar”, K. Gullaýew “Türkmen zenany”, A. Kiçikuliýew “Enelik”, Ý. Adamowa “Belli sagymçy G. Babaýewanyň portreti”, halypa suratkeşler D. Baýramowyň, A. Almämmedowyň, Ý. Annanurowyň eserleriniň üsti bilen zenanlarymyzyň nurana we gözel keşpleri şöhlelendirilýär.

Serginiň köp bölegi gülleriň keşbine bagyşlanyp, eserlerde açyk reňkleriň üsti bilen owadan, hoşboý ysly, näzik, tebigatyň täsin gözelligi görkezilýär.

Bu sergidäki eserleri “Fotoreportaž” atly rubrukamyz arkaly synlap bilersiňiz!      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň