Jübi radiopriýomniklerine 60 ýyl

0
529
0
0

Aşgabat, 04.02.2015. “Türkmenportal”.

1955-nji ýylyň 4-nji martynda “Sony” jübi tranzistr radiopriýomniklerini çykarmaga girişdi.

Bu täze önüm kompaniýanyň üstünligine esas goýdy. Netijede “Sony” 1960-njy ýylyň aýaklaryna — 1970-nji ýylyň başlaryna öý-hojalyk elektronikasyny öndürijileriň arasynda öňdäki orunlara çykýar.

Häzirki döwürde kompaniýa ägirt uly bitewülik bolup durýar. Ol möçberi babatda beýik, gurluşy boýunça çylşyrymlydyr.

“Sony” ýapon kompaniýasy AkioMorita we MasaruIbuka tarapyndan 1946-njy ýylyň 7-nji maýynda esaslandyryldy.

Ilkibaşda ol “TokyoTsushinKogyoKabushikiKaisa” ýa-da gysgaça “Totsuko” diýlip atlandyrylýardy.

Bu at hyzmatdaşlar tarapyndan kynlyk bilen kabul edilýärdi, şonuň üçinem Morita dünýäniň hiç bir dilinde gabat gelmeýän täze söz tapdy — Sony.

Başga bir çaklamada bolsa “Sonynyň” häzirki adynyň “ses” diýen (sonnus) latyn sözünden gelip çykandygy aýdylýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru