Garakölçi-hünärmenleriň okuw-maslahaty

00:3804.03.2015
0
6651

Aşgabat, 04.03.2015. “Türkmenportal”.

“Maldarçylyk hojalyklarynda başlanan owlak-guzy möwsümi dowardarçylyk bilen meşgullanýan hünärmenleriň ählisi üçin iň hysyrdyly döwürdir. Olar şu çakda köp wagtlaryny öri meýdanlarda — sürüleriň gyşladylýan ýerinde geçirýärler” diýlip, “Neýtralny Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Şu günler olar möwsümiň barşynda dünýä inýän garaköli guzularyň görnüşine, tohumçylyk we hojalyk gymmatyna hil taýdan baha bermek işi geçirilýär.

Ýaz işleriniň öňüsyrasynda garaköli hünärmenleriniň arasynda okuw-maslahatlary geçirmek indi asylly däbe öwrüldi.

Ýakynda şeýle çäreler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maldarçylyk we weterinariýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Türkmenistandaky iri hojalyklarynda garaköli tohumçylyk zawodynyň binýadynda geçirildi.

 Oňa Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlaryndan şu pudaga degişli işgärleriň 60-dan gowragy, şeýle-de Ahal welaýatynyň dowardarçylyk hojalyklaryndan zootehnikler, tohumçylyk işini alyp barýanlar, weterinarlar, garaköli guzularyň tohumçylyk we hojalyk gymmatyna hil taýdan baha berýän hünärmenler gatnaşdylar.

Okuw-maslahat tamamlanansoň diňleýjiler geçirilen ýörite synaglar arkaly öwrenilenleri özleşdirdiler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň