Düýe auksionda satylýar

14:0403.03.2015
0
13543

 Aşgabat, 03.03.2015. “Türkmenportal”.

“Abakanyň bagynyň düýe satylýandygy baradaky täsin habary, ine, indi bir hepde bäri Internet sahypalaryna birigen okyjylary özüne çekýär” diýip, www.krsk.kr.ru habar berýär.

Ady belli saýtyň “Beýleki haýwanlar” atly bildirişler bölüminde iki örküçli düýäniň suraty we şeýle mazmundaky ýazgy ýerleşdirilipdir: “Düýe satjak, 5 ýaşynda, bahasy 200 000 rubl, oňat söwda”. Heniz-ä alyjy tapylmady.

Bäş ýaşly Waska atly düýe Abakanyň “Joşgun” bagynda 2014-nji ýylyň dekabryndan bäri ýaşaýar.

Direktor bu ýere gelýänleriň ünsüni çekmek üçin ony Tuwadan getiripdir. Işgärler öz “myhmanlary” barada alada baryny edýärler: wagtly-wagtyna timar berip, onuň gelşikli halda bolmagyny gazanýarlar. Iki örküçli ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berýär. Ýöne muňa garamazdan, bagyň ýolbaşçylary ony satuwa çykarmak kararyna geldi.

—Düýe — uly jandar, oňa giňişlik gerek — diýip, “Joşgun” bagynyň ykdysadyýetçisi Olga Fýodorowa garaşylmadyk netijä gelinmegini düşündirýär.

Herhal, parkyň ýolbaşçylygy näme üçin düýe satylmagynyň şeýle uly seslenme döredendigine düşünip bilenok. Hut şol saýtda 2000 rubldan tomzak satylýar, ýöne nämüçindir bu hiç kimi geň galdyranok.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň