Owlak-guzy möwsümi başlandy

0
496
0
0

Aşgabat, 03.03.2015. “Türkmenportal”.

“Maldarlaryň durmuşyndaky iň jogapkärli synaga — mallary gyşlatmaga hötde gelindi. Gyşyň başynda ýagyn-ýagmyr, güýçli sowuk bolmadyk hem bolsa, fewralyň ilkinji ongünligi dowamly aňzakda geçdi. Elbetde, çopanlara ýeňil düşmedi, ýöne olar bu synaga döz geldiler” diýlip, “Нейтральный Туркменистан” gazetinde habar berilýär.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ý. Gurbanow adyndaky daýhan birleşigine degişli Hydyr Işanow tarapyndan bakylмan sürüde 860 baş ownuk şahly mal bolup, olaryň hem 724-si ene goýunlardyr. Ol  şu möwsümde ene goýunlardan 660 guzy almagy göz öňünde tutýar.    

Gyş paslynyň aňzagyna garamazdan, tejribeli çopan mallaryň baş sanynyň tükel hem orta semizlikde bolmagyny gazandy.

Hojalykda öz işine jany-teni bilen berlen ussatlar az däl. Olardan öz sürülerini Arymlar diýen ýerde gyşladan çopanlar Çary Aýdogdyýew we Maksat Öwezgeldiýewi görkezmek bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru