3-nji martda Ýazyjylaryň Bütindünýä güni bellenilýär

01:4603.03.2015
0
3093

Aşgabat, 03.03.2015. “Türkmenportal”.

Ýazyjylaryň Bütindünýä güni ähli ýurtda diýen ýaly 3-nji martda bellenilýär.

Bu baýramyň ady dolulygyna Ýazyjylar üçin bütindünýä parahatçylyk güni diýmegi aňladýar. Ol 1986-njy ýylyň 12—18-nji ýanwarynda geçirilen Halkara PEN-klubunyň (International PEN Club) 48-nji kongresiniň karary esasynda döredildi.

PEN-klub 1921-nji ýylda Londonda esaslandyryldy. Guramanyň gysgaldylan ady iňlis sözleriniň ilkinji harpyny özünde jemleýär, ýagny: Poest — şahyrlar, Essayitists — oçerkçiler, Novellists — romançylar. Gyzykly ýeri, pen diýmek iňlis dilinde syýa galam diýmegi hem aňladýar.

Guramany döretmek pikiri iňlis zenan ýazyjysy Emi Douson-Skotta degişlidir. PEN-klubuň ilkinji prezidenti belli ýazyjy Jon Golsuorsi bolupdy.

1923-nji ýylda Londonda PEN-klubuň ilkinji halkara kongressi geçirildi. Şol çakda pen-merkezleri dünýäniň 11 ýurdunda bardy. Häzir bolsa şeýle merkezler 130 döwletde hereket edýär.

Ýazyjylaryň bütindünýä güni bu gün dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär. Özem diňe ýazyjylaryň däl, eýsem, dördünji häkimiýetiň ähli wekilleriniň hünär baýramy hasaplanýar.

XX-XXI asyrlaryň türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen "Fotoreportaž" rubrikamyz arkaly tanşyp bilersiňiz.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň